Ulanyş Düzgünleriniň we Gizlinligiň özara ylalaşygy


Okuwçy (mundan beýläk – “Okuwçy”) bilen www.okuwcy.com.tm internet saýtynyň (mundan beýläk – “Saýt”), şeýle hem onuň müşderisiniň (mundan beýläk - “Müşderi”) aşakdaky şertler boýunça ylalaşygy gazanyldy.

Umumy düzgünler

  • Müşderi Saýtda hasaba alyş prosesini tamamlap, şu Ylalaşygyň şertlerine laýyklykda telefon belgisi we açar sözi girizip, Saýtdan peýdalanyp başlap biler.
  • Saýtdan peýdalanyp başlamagy, Müşderiniň ähli şertleri kabul edýändigini aňladýar.
  • Müşderi Saýtyň hyzmatlaryny ulanmagyny bes eden pursady, bu Ylalaşyk güýjüni ýitirýär.
  • Okuwçy şu Ylalaşyga birtaraplaýyn üýtgetmeler we goşmaçalar girizip biler.
  • Saýtyň käbir sahypalarynda, umumy düzgünlerinde hem-de degişli bölümlerinde aýratyn şertler kesgitlenip bilner. Müşderi biziň hyzmatlarymyzdan peýdalanyp başlanda, degişli şertler bilen tanyş bolan we olary kabul eden hasap edilýär.

Müşderiniň hukuklary we borçlary

  • Saýt umumy peýdalanmak üçin açykdyr.
  • Müşderi Saýtdan peýdalanyp, ähli kesgitlenen şertleri kabul edýär.
  • Müşderi Saýtdan peýdalanan döwründe Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyk hereket etmäge borçludyr.
  • Müşderi beýleki ulanyjylaryň Saýtdan peýdalanmagyna päsgel berýän ýa-da kynçylyk döredýän işleri etmezlik üçin borçlydyr. Eger şeýle işler ýüze çyksa, ol Müşderi sanawyndan çykarylar we bu hereketleri üçin hukuk we maddy jogapkärçilik çekmeli bolar.
  • Saýtda we operator bilen geçirilýän hat alyşmalaryň nusgalaryny saklamak Saýtyň işgärleriniň jogapkärçiligindedir. Eger hat alyşmalar nusgalary saklanmasa, Okuwçy olaryň ýitirilmegi üçin jogapkärçilik çekmeýär.
  • Eger hyzmatdaşlyk Okuwçy ýa-da Müşderi tarapyndan bes edilse, Müşderi garşy bolmasa, onuň degişli hat alyşmalaryny pozmak ýa-da saklamak hukugy Okuwçya degişlidir.
  • Müşderi hasaba alyş we hyzmatlardan peýdalanmak üçin girizen maglumatlarynyň dogrulygy üçin doly jogapkärdir. Eger girizilen maglumatlar nädogry bolsa, şonuň netijesinde ýüze çykýan zyýanyň öwezini dolmak jogapkärçiligi Müşderiniň üstüne düşýär.

Okuwçy - nyň hukuklary we jogapkärçiligi

  • Eger Müşderi Saýtdan peýdalanyp, Türkmenistanyň kanunçylygyny we şu Ylalaşygyň şertlerini bozsa, Okuwçy şol Müşderi bilen hyzmatdaşlygy birtaraplaýyn togtatmaga hukugy bardyr.
  • Eger Müşderä Saýtdan peýdalanmak üçin berlen login, parol we beýleki maglumatlar üçünji taraplara geçirilse we olar bu maglumatlary bikanun maksatlar üçin ulansa, bu hereketler üçin jogapkärçiligi Müşderi öz üstüne alýar. Şeýle hem, Müşderi başga ulanyjylaryň IP adreslerini, elektron poçta salgylaryny we ulanyjy atlaryny rugsatsyz ulanyp bilmez. Eger şeýle ýagdaý ýüze çyksa, ähli hukuk bozulmalary üçin jogapkärçiligi Müşderi öz üstüne alýar.

Alnan maglumatlar we olaryň ulanylyşy

Saýtdan peýdalanyp başlan döwrüňizden we/ýa-da biziň Müşderimiz bolanyňyzda, Size ýokary hilli hyzmat bermek üçin adyňyz, familiýaňyz, elektron poçta salgysy, jynsyňyz, doglan günüňiz we eltip bermek salgysy ýaly maglumatlaryňyz talap edilýär. Saýtda alnan maglumatlar aşakdaky maksatlar üçin ulanylýar:

  • Şahsy hasabyňyzyň ýöredilmegi üçin.
  • Sargytlaryň ýerine ýetirilmegi we Müşderiler bilen aragatnaşygy saklamak üçin.
  • Sargytlar, hyzmatlar we arzanladyşlar barada Size maglumat bermek üçin.
  • Müşderileriň isleglerini öwrenmek we degişli teklipleri bermek üçin.
  • Tendensiýa we statistiki seljerme geçirmek üçin.

Siziň haýsy hukugyňyz bar?

Biziň saklaýan şahsy maglumatlaryňyz boýunça Size maglumat almak hukugyňyz bardyr. Eger maglumatlar nädogry ýa-da doly bolmasa, olaryň düzedilmegini ýa-da pozulmagyny talap edip bilersiňiz. Biziň bilen aşakdaky salgylaryň üsti bilen habarlaşyp bilersiňiz:

Salgysy: www.okuwcy.com.tm

Telefon: +99312422442

Elektron poçta: okuwchyzakaz@gmail.com

Ýokarda görkezilen şertler bilen tanyşdym, düşündim we Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ýerine ýetirmäge borçlanýaryn.